Hindileriň Güni öwrenmek üçin uçuran stansiýasy barmaly nokadyna 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýeter

  • 15.10.2023 23:23
  • 17k+

Hindistanyň Aditya-L1 Güni öwreniş kosmos stansiýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalaryna Güne gözegçilik etjek ýeri bolan Lagranž L1 nokadyna ýeter. Bu barada kosmos gullugynyň başlygy Şridhara Paniker Somnath aýtdy.

Güni öwrenmek boýunça ilkinji Aditya-L1 hindi awtomatiki stansiýasy 2-nji sentýabrda Ýeriň orbitasyna çykaryldy; üç hepde töweregi wagtdan soň enjam Ýerden 1,5 million km uzaklykda ýerleşýän Lagranž L1 nokadyna tarap traýektoriýa geçirildi. Enjam eýýäm Gün ýeli barada ylmy maglumatlary ýygnamaga başlady.
ANI Somnathyň sözlerini getirip: "Ýerden Lagranž L1 nokadyna çenli aralyk 110 günlük ýol diýen ýaly. Şonuň üçin enjam ol ýere ýanwar aýynyň ortalaryna ýeter" –diýip ýazýar.
Onuň sözlerine görä, şondan soň stansiýa Güne doly gözegçilik edip başlar.


düýn 10:34
1.5k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......