Antarktidanyň buzluklary soňky 25 ýylda 7,5 trln tonna suw ýitirdiler

  • 14.10.2023 17:27
  • 12k+

Alymlar soňky 25 ýylda Antarktidanyň buzluklarynyň näçeräk buz ýitirendigini hasapladylar. Gözleglere laýyklykda, 1997-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda olar ummana 7,5 trln tonna suw goýbermek bilen 40%-den gowrak azaldylar diýip, MIR24 habar berýär.

Beýik Britaniýanyň Lids uniwersitetiniň topary 100 000-den gowrak hemra suratlaryny seljerip, buzluklaryň yzygiderli eroziýa sebäp bolýandygyny anyklady. Eroziýa deňölçegsiz bolup geçýär. Bellenilen döwürde käbir buzluklar, tersine, göwrüm taýdan ulaldylar. Alymlar munuň Günorta polýusa dürli temperaturaly suwy ýetirýän umman akymlarynyň häsiýetleri bilen baglanyşyklydygyny düşündirýärler.
Antarktidanyň buz ätiýaçlyklarynyň azyndan üçden bir bölegi ereme howpunyň astynda we howanyň mundan beýläkki ýylamagy bilen olaryň dargama prosesi hasam çaltlaşar. Gözleg 1975-nji ýyldan bäri käbir şelf buzluklarynyň 59 trln tonna suw ýygnandygyny, beýlekileriň bolsa şol bir wagtyň özünde 67 trln tonna ýitirendigini görkezdi.
Iň uly ýitgi 1,9 trln tonna suw ýitiren Gets şelf buzlugynda bolup geçdi. Her trillion tonnadan her tarapa 10 km-den gowrak uzynlykdaky kub emele gelip bilerdi, bu bolsa Ewerestden ýarym mil (0,8 km) beýikdir. Hasaplar ýitgileriň 95%-iniň ereme, galan 5%-iniň bolsa aýsbergleriň bölünmegi bilen baglanyşyklydygyny görkezdi.
Alymlar buz örtüginiň yzygiderli eroziýasynyň klimata uly ýaramaz täsiri ýetirip biljekdigini belleýärler. 


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......