Putin GDA ýurtlarynyň liderlerine Arkalaşygyň eserleriniň edebi ýygyndylaryny sowgat etdi

  • 14.10.2023 11:29
  • 17k+

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Bişkekde geçirilýän GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň sammitinde kärdeşlerine rus diline terjime edilen GDA ýurtlarynyň halklarynyň eserleri bolan edebi ýygyndylary sowgat berdi. Bu barada MIR 24 habar berýär.

“GDA ýurtlarynyň häzirkizaman edebiýatynyň antologiýasy” üç jiltden ybarat. Birinji jilt soňky 30 ýylda ýazylan 94 awtoryň proza eserlerini öz içine alýar. Oňa sözbaşyny özbek edebiýatynyň klassygy, prozaçy we ssenariýaçy Timur Pulatow ýazdy. Ikinji jilt Arkalaşygyň ýurtlaryndan ýüzden gowrak şahyryň eserlerini ýygnady. Sözbaşynyň awtory gazagystanly şahyr, diplomat we jemgyýetçilik işgäri Olžas Süleýmenow boldy. Antologiýanyň üçünji jiltinde GDA ýurtlaryndan awtorlaryň iň gowy çagalar eserleri hödürlenýär.
Mundan başga-da, Russiýanyň prezidenti GDA ýurtlarynyň liderlerine Arkalaşygyň halklarynyň dillerine terjime edilen iki jiltli “Häzirkizaman rus edebiýatyny” sowgat etdi. Şeýlelikde, russiýaly awtorlaryň asyl dilindäki eserleri bilen tanyşmak we milli dillere terjime edilen tekstlere baha bermek mümkin bolar. Birinji jilte 48 awtoryň proza eserleri, ikinji jilte 33 şahyryň goşgulary girdi.


20.04.2026 20:30
4.6k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

20.04.2026 15:31
1.8k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

28.03.2026 23:25
12k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....