Türkmenistanly talyplar maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara olimpiadasynyň baýrak eýeleri boldular

  • 13.10.2023 17:27
  • 11k+

Türkmenistanly talyplar Soçide (Russiýa) geçirilen maliýe howpsuzlygy boýunça III Halkara olimpiadasynyň ikinji derejeli diplomlaryna mynasyp boldular. Bu barada Orient habar berýär.

Deslapky saýlama tapgyry tamamlanandan soň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Olimpiadanyň jemleýji tapgyryna Türkmenistandan üç talyp gatnaşdy: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Begli Berdimyradow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan Meýlis Hojamyradow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan Daýanç Hydyrow. Olar bäsleşigiň jemi boýunça ikinji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.
Şeýle-de, ýurdumyzyň talyplary tematiki treninglere, interaktiw oýunlara gatnaşdylar hem-de maliýe howpsuzlygy boýunça hünärmenler bilen duşuşdylar. Şeýle-de, olar maliýe howpsuzlygyna ýöriteleşen ýokary okuw mekdepleri tarapyndan hödürlenýän mümkinçilikler bilen tanyş boldular.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......