Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde professor-mugallymlar düzümi we dürli ugurdan okaýanlar üçin daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda leksiýa kurslary geçirildi. Bu çäre “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy konferensiýanyň çäklerinde guraldy.
Mugallymlar hökmünde çykyş etdiler: Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň fizika-matematika ylymlarynyň doktory Darýa Apuşkinskaýa (Russiýa), professor, Nazarbaýew uniwersitetiniň kompýuter ylymlary kafedrasynyň müdiri Adnan Ýazyji (Gazagystan), Wesminster uniwersitetiniň professory Endrýu Linn (Beýik Britaniýa), Kembrij uniwersitetiniň professory, Kembrij uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça forumynyň müdiri Saksana Sidhart Şanker (CCAF) .
Geçirilen leksiýa kurslarynyň tematikasy “Matematiki modelleri gurma”, “Emeli intellektiň geljegi: EI dünýäni nädip üýtgedýär”, “Iňlis dilinde bilim we uniwersitetleriň halkaralaşmagy” we “Durnukly ösüş maksatlary bilen ylym, tehnika we sosial syýasat pudaklarynda innowasiýa” ýaly ugurlar boldy.
Gatnaşanlara bilimiň dürli ugurlarynda öz garaýyşlary we öňdebaryjy tejribeleri bilen paýlaşmak mümkinçiligi-de berildi.
Leksiýalaryň dowamynda halkara hyzmatdaşlyga we bilim syýasatyna üns çekilip, ylmyň iň möhüm ugurlary seljerildi. Şonuň bilen birlikde okatmagyň innowasion usulyýeti, daşary ýurt dillerini okatmagyň didaktiki aýratynlyklary, ýokary mekdepleriň professional iş ugurlary, ylym pudagynda döwrebap tehnologiýalaryň roly, şeýle-de üznüksiz bilim ulgamynda möhüm düzüm bölegi hökmünde ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.