Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygy Azerbaýjandan Eýrana geçdi

  • 11.10.2023 16:35
  • 4k+

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygy Azerbaýjandan Eýrana geçdi.

Trendiň sişenbe güni habar bermegine görä, bu karar YHG-a agza ýurtlaryň ministrler geňeşiniň 10-njy oktýabrda Şuşada geçirilen 27-nji mejlisinde kabul edildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginiň çäginde 10-njy oktýabrda Şuşa şäherinde YHG-a agza ýurtlaryň ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň geçirilendigini bellemelidiris. Duşuşykda agza ýurtlaryň wekilleriniň we synçylaryň, halkara hyzmatdaşlaryň wekilleriniň we YHG -nyň ýöriteleşdirilen gurluşlarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi, YHG-nyň çäginde sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky başlangyçlar we teklipler hem-de mejlisiň gün tertibindäki beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 


21.04.2026 22:16
6.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......

20.04.2026 20:30
4.6k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

04.04.2026 09:20
2.6k+

Bakuwda Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuwda geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň......

03.04.2026 16:12
2.7k+

Bakuwda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

1-nji aprelde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Bakuwda Azerbaýjanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi....