1.8 sekunt: Formula 1-da iň çalt duralga hyzmaty boýunça rekordy täzelendi

  • 11.10.2023 16:28
  • 11k+

Katarda geçirilen Formula 1-iň çempionatynda McLaren toparynyň mehanikleri iň çalt duralga hyzmatyny etmekde rekord goýdular. Topar ulaga 1, 8 sekuntda hyzmat etdi diýip, DHL_Motorsports habar berýär.

Mehanikler toparynyň rekord derejedäki çalt işi sürüjisi Lando Norrisiň üçünji orny eýelemegine mümkinçilik berdi.
Çempionatyň soňky bäş tapgyrynyň jemleri boýunça McLaren Konstruktorlaryň kubogynda bäşinji orunda durýar we Aston Martin-den bolsa 11 utuk tapawudy bar.
Öňki rekord 1,82 sekunt bolup, ol Red Bull topary tarapyndan 2019-njy ýylda Braziliýadaky tapgyrda goýlupdy. Ýöne häzirki wagtda ýaryş awtoulaglarynda 18 dýuýmlyk tigirler ulanylýan bolsa, şol döwürde awtoulaglara 13 dýuýmlyk ýeňil tekerler oturdylýardy.


22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

29.05.2026 23:29
4.3k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

12.05.2026 14:52
2.4k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.3k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......