Türkiye Italiýa bilen bilelikde EURO-2032-ni geçirmäge taýýarlanýar

  • 10.10.2023 14:25
  • 5.3k+

Türkiýäniň Ýewropanyň futbol çempionatyny geçirmek islegi hakykata öwrülip biler diýip, Trend ýazýar.

UEFA öz gelen kararyny şu gün Şweýsariýanyň Nyon şäherinde geçiriljek mejlisde resmi taýdan yglan eder.
Ondan öň Türkiýe Ýewropa çempionatyny geçirmek üçin eýýäm ýedi gezek ýüz tutupdy, ýöne bu möhüm futbol çäresiniň eýesi bolmak hukugyny alyp bilmändi.
Italiýanyň Futbol Federasiýasy (FIGC) we Türk Futbol Federasiýasy (TFF) UEFA-dan 2032-nji ýyldaky Ýewropa çempionaty üçin beren tekliplerini  birikdirmegi haýyş etdiler. Häzirki wagta çenli diňe Italiýa we Türkiýe teklip tabşyrdy hem-de UEFA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Serwet Ýardymjynyň sözlerine görä, teklip bermegiň möhleti geçen ýylyň ahyrynda gutardy, munuň özi Türkiýe bilen Italiýanyň bilelikdäki  teklibinden başga Ýewro-2032-ni kabul etjek dalaşgäriň ýokdugyny aňladýar.
Türkiýäniň 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyna ýer eýeçiligini etmek baradaky teklibini ozal yzyna alandygyny we 2028-nji ýylda Beýik Britaniýa-Irlandiýa tandemini bäsdeşsiz galdyryp, Ýewro-2032-ni kabul etmek üçin Italiýa bilen birleşmek kararyna gelendigini bellemelidiris.


düýn 13:51
9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......