Magtymguly adyndaky TDU talyplary himiýa boýunça II Halkara olimpiadasyna çagyrýar

  • 10.10.2023 14:00
  • 5.7k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasyny geçirer.

Olimpiada ýokary okuw mekdeplerindäki hünärlerine garamazdan himiýa bilen gyzyklanýan ähli talyplar gatnaşyp biler. Gatnaşyjylar üçin hasaba alyş şu ýylyň 10-njy noýabryna çenli olimpiadany guraýjy uniwersitetiň saýtynda açykdyr. Hasaba alyşdan soň her talyp görkezilen elektron poçta salgysyna gatnaşmak üçin salgylanma we parol alar.
Olimpiada 14 – 17-nji noýabrda indiwidual we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Indiwidual tapgyr gatnaşyjylary iki kategoriýa böler – A we B. Birinjisine himiýany öwrenmäge ýöriteleşen talyplar girer. Ikinji kategoriýa beýleki ugurlarda okaýanlar üçin niýetlenendir, olar islese, birinjiniň düzümine goşulyp bilerler. Olimpiadanyň ýumuşlary saýlanan kategoriýa laýyklykda hödürlener.
Olimpiada soraglary himiýanyň dürli bölümleri boýunça düzülen test geçirme görnüşinde bolar. Olimpiadanyň resmi dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......