Google Pixel Watch 2 akylly sagady hödürledi

  • 07.10.2023 20:15
  • 4.9k+

Google akylly sagatlaryň täze wersiýasyny - Pixel Watch 2-ni hödürledi. Her ýyl geçirilýän Made by Google çäresi korporasiýanyň resmi web sahypasynda efire berildi.

Täze sagat dört ýadroly prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjamyň zarýady hemişe ekrany ýakylgy ýagdaýda bir zarýadda bir güne çenli işlemäge mümkinçilik berýär. Zarýad bermegiň özi hem has çaltlaşdy – şeýlelikde, 30 minut berlen zarýad bilen 12 sagat işläp bilýär.
Sagadyň içine Gmail we Google Senenama gurlandyr. Gurlan YouTube Music, Google Kartalar we Google Assistent ownuk täzelikleri aldy. Adam kyn ýagdaýa düşse, kömege gelýän funksiýalar peýda boldy. Mysal üçin, bu - lukmançylyk maglumatlary.
Şeýle hem, Google sagadyň içine üç datçik gurup, ony dakynanyň öz saglygyna has gowy gözegçilik etmegine mümkinçilik döreder. Birinjisi, sagadyň öňki nesillerindäki ýaly, ýürek urmasyny ölçeýär, ýöne ol gurlan emeli aňyň kömegi bilen öňküsinden 40% gowulaşdy. Bedeniň temperatura datçigi babatynda hem edil şonuň ýaly. Täzelik - deriniň elektrik işjeňliginiň datçigi.
Gajeti düzýän dizaýn we materiallar täzelendi – esasanam, gorag aýnasy enjamy öňküsindenem has köp örtýär. Korporasiýanyň wekilleriniň ynandyrmagyna görä, dakylanda has ýeňil we rahatdyr.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.7k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...