Ilon Mask IAF Bütindünýä kosmos baýragy 2023-e eýe boldy

  • 07.10.2023 20:28
  • 10k+

SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Bakuwda geçirilen 74-nji Halkara astronawtika kongresinde 2023-nji ýylyň abraýly IAF Bütindünýä kosmos baýragynyň eýesi boldy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Bu baýrak kosmos gözlegleri pudagynda dünýädäki iň abraýly baýraklaryň biri hasaplanýar, ol kosmos ylmynyň, tehnologiýalaryň, lukmançylygyň, kanunçylygyň ýa-da dolandyryşyň ösüşine goşan goşandy, şeýle-de bütin dünýäde kosmonawtikanyň ösüşine uly täsiri üçin şahsyýetleri ýa-da toparlary ykrar edýär.
Baýragy esaslandyryjylar Ilon Maskyň kosmosy özleşdirmäge goşan goşandy bilen tapawutlanandygyny belleýärler. Maskyň ägirt başlangyçlary, şol sanda köp gezeklik raketalaryň işlenip düzülmegi we SpaceX-iň kömegi bilen Marsda koloniýa döretmek boýunça meýilnamalar aerokosmos pudagyny üýtgedip, kosmosy özleşdirmegiň täze eýýamynyň başlangyjyny goýdy.
Topar üçin IAF Bütindünýä kosmos baýragy Jeým Uebb kosmos teleskopynyň (JWST) taslamasy boýunça bilelikdäki tagallary üçin NASA, Ýewropanyň kosmos agentligine (ESA) we Kanadanyň kosmos agentligine (CSA) berildi. SpaceX-iň söwda satuwy boýunça müdiri Stefani Bednarek kongrese gatnaşyp bilmedik Ilon Maskyň adyndan IAF Bütindünýä kosmos baýragyny kabul etdi.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...