Gyrgyz Respublikasynda Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň şahamçasy açylar

  • 07.10.2023 19:59
  • 8k+

Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Karakol şäherinde Mihail Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň şahamçasy açylar. Degişli karara Gyrgyz Respublikasynyň baştutany Sadyr Žaparow gol çekdi.

Prezidentiň metbugat gullugynyň beren beýanatynda: "Gyrgyz Respublikasynyň prezidenti Sadyr Žaparow "M.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň Karakol şäherindäki şahamçasy hakyndaky" kararyna gol çekdi” diýilýär.
Bu karara mundan beýläk-de "ýokary bilimli ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy ösdürmek we kämilleşdirmek" we Gyrgyz Respublikasy bilen Russiýanyň arasynda ýokary bilim pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen gol çekildi. Gyrgyz Respublikasynyň lideriniň kararyna laýyklykda, Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň şahamçasynyň işi Gyrgyzystanyň we Russiýa Federasiýasynyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylar.
Dalaşgärleri kabul etmek we uçurymlary gutarnykly saýlamak “Moskwa Döwlet Uniwersiteti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylar”.


02.06.2026 19:33
6.6k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......

26.04.2026 20:55
3.6k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......

10.03.2026 18:21
5.3k+

Moskwa döwlet lingwistik uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanar

Moskwa döwlet lingwistik uniwersiteti (MDLU) türkmen dilini esasy bilim maksatnamalaryna girizmegi meýilleşdirýär. THP-niň habar bermegine görä, bu mesele ýokary okuw mekdebiniň rektory Irina Kraýewa bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy...