Audi R8 modeliniň ornuny tutjak ulagyň üstünde işleýär

  • 06.10.2023 08:39
  • 7.2k+

Nemes awtoulag öndürijisi «Audi» benzin bilen işleýän «Audi R8» sportkupesiniň ornuny tutjak elektrik awtoulagy öndürmegi meýilleşdirýär diýip, «Autocar» habar berýär.

Munuň üçin «Volkswagen Group» kompaniýasynyň köp sanly täze awtoulaglary döredilen SSP platformasynyň elementleri ulanylar. «Audi-niň» tehniki direktory Oliwer Hoffmanyň bellemegine görä, «Audi TT-niň» we «R8-iň» ruhundaky sport awtoulaglaryny öndürmek üçin SSP arhitekturasynyň elementleri ulanylar.
Çeşmede bellenilmegine görä, häzirki wagtda «Audi R8-iň» elektrik bilen işleýän oruntutarynyň üstünde işler batly depginde alnyp barylýar. Awtoulag öňki konsepsiýa esasynda dörediler – ol superkaryň häsiýetli aýratynlyklary we ýokary kuwwaty bolan iki gapyly kupe bolmagynda galar. Benzin bilen işleýän «Audi R8-iň» önümçiligi 2023-nji ýylda bes ediler.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......