Google Pixel smartfonlarynyň täze neslini - Google Pixel 8-i we 8 Pro-ny hödürledi

  • 05.10.2023 20:02
  • 8.1k+

Google Pixel smartfonlarynyň dördünji nesli - Google Pixel 8 we 8 Pro bilen tanyşdyrdy. Enjamlar iň soňky Android 14 operasion ulgamynda işleýär. Mundan başga-da, kompaniýa Android operasiýa ulgamy üçin smartfon goldawyny, howpsuzlyk täzelenmelerini we ýedi ýyllap dowam edýän aýratynlyklary üpjün eder. Smartfonlar Google Tensor G3 çipiniň täze üçünji nesli bilen enjamlaşdyryldy. Bu korporasiýanyň resmi web sahypasynda her ýyl geçirilýän Made by Google çäresiniň ýaýlymy wagtynda yglan edildi. 

Tehniki häsiýetnamasy
Esasy Pixel 8-de 6,2 dýuýmlyk OLED ekrany bar, ol öňki ekranyndan 40% has ýagty (2000 nit pik). Pro wersiýasynda Google-yň iň ýokary ýagtylygy 2400 nit bolan 6,7 dýuýmlyk LTPO OLED displeýi bar.
Iki smartfon hem Titan M2 howpsuzlyk çipi bilen işleýän, Google-yň täze Tensor G3 prosessory bilen üpjün edilýär. Google-yň wekilleri enjamda işledilip bilinjek maşyn öwreniş modelleriniň mysalyny ulanyp, Pixel 6-daky çip bilen parallel çyzdylar - Pixel 8-de Tensor G3 olaryň sanyny iki esse köpeltdi.
Pixel 8 smartfony 8 Gb RAM we 128, 256 GB ammar, Pixel 8 Pro bolsa 12 Gb RAM we 128, 256 ýa-da 512 Gb ýat aldy. Täze Pixel bir zarýadda 24 sagatdan, aşa güýç tygşytlaýjy režimde 72 sagatdan gowrak wagt işleýär.
Gajetleriň yzky kameralary 50 megapiksel; Pro wersiýasy bäş esse optiki ýakynlaşdyrma bilen hem enjamlaşdyrylandyr. Öňdäki kameralar 10,5 megapiksel. Kameralaryň hemmesi 4K-da 60 kadra çenli tizlikde ýazga alyp biler. Pixel 8 Pro-nyň arka tarapynda, kameranyň gapdalynda islendik obýekt bilen kontaktda ony üýtgedip biljek temperatura datçigi goşuldy.
Pixel 8 hatary haýsy dilde gürleýändigine garamazdan, adamyň diline düşünip, ony tekste geçirip biler. Çärede goldanýan dilleriň haýsylardygy aýdylmady.
ABŞ-da Google-yň täze smartfonlarynyň bahasy adaty Pixel 8-iňki 699 dollardan Pixel 8 Pro -nyňky 999 dollardan başlaýar, olar 12-nji oktýabrdan başlap elýeterli bolar.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.7k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...