Edebiýat boýunça Nobel baýragy norwegiýaly dramaturg Ýun Fosse berildi

  • 05.10.2023 18:23
  • 5.4k+

2023-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragy norwegiýaly dramaturg Ýun Fosse berildi. Bu barada Şwesiýanyň akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

Edebiýatçy “düşündirip bolmaýan zatlary aýtmaga mümkinçilik berýän täzeçe pýesalary we prozasy” üçin baýragyň eýesi boldy.
Fosse 1959-njy ýylda dünýä indi we Norwegiýanyň Bergen şäherinde ýaşaýar. Ol 1983-nji ýylda ilkinji gezek özüni görkezdi we dürli žanrlarda 40 kitap neşir etdi, olar şonça dile-de terjime edildi. Fosse Ýewropanyň iň meşhur dramaturglarynyň biridir. Onuň pýesalary 800-e golaý gezek sahnalaşdyryldy.


14.06.2026 22:32
4.3k+

Norwegiýada gämiler üçin dünýäde ilkinji geçelge gurlar: ol dag toplumynyň içinden geçer

Norwegiýanyň häkimiýetleri dünýäde ilkinji ýörite deňiz gämileri üçin niýetlenen, dag toplumynyň içinden geçjek tuneliň gurluşyk meýilnamasyny tassykladylar. «Stad Ship Tunnel» taslamasy gämilere ýurduň......

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

15.05.2026 11:33
3.4k+

Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy

Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar....

13.05.2026 12:33
8.5k+

Norwegiýada alty ýaşly oglanjyk wikingleriň 1300 ýyllyk gylyjyny tapdy

Norwegiýaly alty ýaşly mekdep okuwçysy synpdaşlary bilen gezelenç wagty, takmynan, 1300 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wikingler döwrüne degişli gadymy gylyjy tapdy....