Türkmenistandan alty sany sazanda ilkinji gezek Delfiýa oýunlaryna gatnaşýar

  • 05.10.2023 08:53
  • 8.2k+

6-10-njy oktýabr aralygynda Bişkekde GDA agza ýurtlaryň sazandalarynyň Delfiýa oýunlary geçiriler. On ýedinji gezek saz bäsleşigi Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilýär. Türkmenistanly ýaş sazandalar hem bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýarlar.

Ýurduň dürli sazçylyk bilim edaralaryndan alty sany sazandalar oýunlara gatnaşar. Olardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dört zehinli talyby - Erjel Ýagşymyradow (fortepiano), Şaislam Komiljanow (fortepiano), Elina Gurbanowa (skripka) we Seýran Atanyýazow (skripka) bar. Şeýle-de konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyndan ýaş pianinoçy - Aýnur Otuzowa (fortepiano) we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinden - Arslan Şaripow (akkordion) dagylar hem bu oýunlara gatnaşarlar.
Oýunlara TMK-nyň uly mugallymy, halkara ýaryşlaryň ýeňijisi Stella Faramazowa konsertmeýster bolup gatnaşar.
Oýunlara 14-25 ýaş aralygyndaky GDA agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşyp bilerler we bäsleşigiň özi käbir eserleriň ýerine ýetirilmegi bilen iki tapgyrda geçiriler. Baýrakly orunlar topar ballarynyň sanyna görä paýlanar.
Bäsleşigiň maksatnamasy aşakdaky nominasiýalardan ybarat: fortepiano, skripka, akademiki aýdym aýtmak, ýekebara halk aýdymy, estrada aýdymy, halk tansy, üflenip çalynýan saz gurallaryny çalmak, şekillendiriş sungaty, çeperçilik senetleri, milli saz gurallary. Bäsleşigiň netijelerine esaslanyp, ýeňijiler ýörite nominasiýalar boýunça sylaglanarlar.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......