Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 05.10.2023 00:56
  • 23k+

4-nji oktýabrda Prezident Serdar  Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň  nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy.

Mejlisiň barşynda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berdi.
Baş prokuror S.Mälikgulyýew prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar--sentýabr aýlarynda tertip-düzgüni berkitmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ähli ýerlerde  ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew milli kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew degişli döwürde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy we asudalygy üpjün etmek bu işiň esasy ugrudyr. Munuň özi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we okgunly ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň möhüm şerti bolup durýar.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, degişli düzümiň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň bölümlerini, edaranyň esasy wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin niýetlenen döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....