«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

  • 04.10.2023 16:39
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi.

Neşiriň täze sanynyň ilkinji sahypalarynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň mundan 32 ýyl ozal ýazan «Garaşsyz» atly meşhur şygrynyň ýerleşdirilmegi onuň täsirliligini artdyrypdyr.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iş saparyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Guramanyň ýolbaşçysynyň bu saparyň jemleri barada ýazan makalasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berilýär.
«Ýaşlara ynam ― geljege ynam» atly makala 1-nji sentýabrda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralaryna bagyşlanýar.
Sentýabr aýyndaky taryhy wakalar «Altyn güýzüň altyn sahypalary» atly sahypada öz beýanyny tapdy. «Watan hakda söz açsaň...» atly makala halkymyzyň watançylyk mekdebiniň gadymy taryhy köklerine bagyşlanypdyr.
Neşiriň täze sanynda rus dilinde paýlaşylan ilkinji makala Türkmenistan ― ÝUNESKO hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr. «Magtymguly Pyragy: milli terbiýe we ýaşlar» atly makala bolsa akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp seslenme bolupdyr.
Sentýabr aýynda üstünlikli geçirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp, neşiriň täze sanynda «Ýollar asuda ― iller abadan» atly makala ýerleşdirilipdir.
«Ylym mekdepden başlanýar» atly makalada bolsa ylmy işler boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan mekdep okuwçylarynyň ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär.
Žurnalyň şu sanynda dünýäniň iň ýaş millionleri barada hem gyzykly maglumatlary okap bilersiňiz. Magtymguly Pyraga bagyşlanan iňlis dilindäki goşgy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişden taýýarlanylan fotokollaž žurnalyň täze sanynyň mynasyp jemlemesine öwrülipdir.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......