Türkmenistanda nebit önümlerini peýdalanmak bilen bagly kadalaryň bozulmagy üçin jerimeler girizildi

  • 03.10.2023 15:46
  • 17k+

«Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda nebit önümlerini peýdalanmak bilen bagly kadalaryň bozulandygy üçin jerimeler kesgitlendi. Bu baradaky Kanun şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Nebit önümleriniň bellenilen (çäklendirilen) möçberlerden artyk harçlanandygy, niýetlenişine görä ulanylmandygy, sarp edijileriň awtoulaglarynda, ýöriteleşdirilen tehnikalarynda hem-de mehanizmlerinde nebit önümlerini sarp etmegiň bellenilen ölçegleriniň we kadalarynyň bozulandygy, nebit önümleriniň bikanun ýerlenilendigi we edinilendigi üçin hem-de, goýberilýän nebit önümleriniň hiliniň girdeji resminamalaryndaky maglumatlara gabat gelmezligi we/ýa-da nebit önümleriniň hiliniň dikeldip bolmazlygy, nebit önümleriniň bikanun hasapdan öçürilmegi, ulanylan nebit önümleriniň galyndylaryny kabul etmegiň, saklamagyň, goýbermegiň, gaýtadan işlemegiň tertibiniň bozulandygy üçin jerimeler girizilýär.
Ýokardaky ýagdaýlaryň biri ýerine ýetirilende fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň (100 manat) birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
Administratiw temmisi ulanylandan soň hem, bir ýylyň içinde ýokardaky hereketleriň biri ýene bir gezek edilende fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......