Lexus TX 2024 hödürlendi

  • 03.10.2023 10:30
  • 19k+

Lexus TX 2024-nji model ýylynyň täze ulagy bolup, hatarda Lexus RX L -iň ornuny tutýar. Ol, GX bilen deňeşdirilende, has kiçi göwrümde we iň ýokary derejeli LX-den ep-esli arzan bahadan salonyň üç hatarly düzülişini hödürleýär. Lexus TX 2024-iň konfiguratory eýýäm işjeň, şonuň üçin bahalary bilýäris.

2024-nji ýylyň Lexus TX -iniň esasy bahasy 55 050 dollar. Şol bahadan ABŞ-da diňe öň tigirleri hereketlendirýän 2,4 litrlik dört silindrli hereketlendirijili TX 350-niň bazasy elýeterli. Üç hatarly kabina adaty topluma girýär, şonuň üçin, hatda, giriş derejesinde hem ýedi ýolagça ýer bar. 

Lexus TX öz platformasyny Toyota Grand Highlander bilen paýlaşýar we gibrid däl modelleriň hemmesinde sekiz tizlikli awtomatiki geçiriş ulanýar. TX 500H F Sport Performance Premium alty tizlikli awtomatiki geçiriş bilen üpjün edilendir, Lýuks Gibrid bolsa CVT bilen gelýär.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....