Apple awtomobil işläp düzmek boýunça işlerini togtatdy

  • 01.10.2023 08:33
  • 16k+

Abraýly insaýder Min-Çi Ko Apple awtomobiliniň işlenip düzülişi baradaky maglumatlar bilen paýlaşdy. Bu barada Appleinsider neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, amerikan kompaniýasynda hususy awtomobili döretmek boýunça işler düýbünden togtadyldy diýen ýaly. Insaýder Apple Car taslamasy barada maglumatlary almagy bes edendigini belleýär. Şunuň esasynda hünärmen kompaniýada onuň işlenip düzülişiniň we çykarylyşynyň yza süýşürilen bolmagynyň ähtimaldygyny çaklaýar.
Min-Çi Ko ýakyn wagtda Apple işjeňlik görkezmese, onda taslamanyň doňdurylan bolmagynyň mümkindigini hem belleýär. Insaýder işjeňlik diýmek bilen, işläp düzmek bilen baglanyşykly hereketleri, awtomobil biznesine gatnaşýan startaplary we kompaniýalary satyn almaklygy göz öňünde tutýar.
Heniz mart aýynda hünärmen amerikan IT ägirdiniň täze inženerleri we menejerleri işe almak üçin Apple Car toparyny işden boşadandygyny habar berdi. 2016-njy ýylda Apple-de awtomobil işinde öňegidişligiň ýokdugy we işgärleri almagyň togtadylandygy bellenildi. Insaýderiň hasabyna görä, korporasiýa bu taslama bilen azyndan 10 ýyl bäri meşgullanýar.


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......