Fransiýanyň bir ýaşaýjysy Ýewropa lotereýasynda 130 million ýewro utdy

  • 01.10.2023 08:09
  • 10k+

Fransiýanyň ýaşaýjysy EuroMillions umumyýewropa lotereýasynyň nobatdaky oýnunda 130 million ýewro möçberinde baş baýragy utdy.

BFMTV teleýaýlymynyň belleýşi ýaly, bu 2023-nji ýylda Fransiýada geçirilen iň uly lotereýa utuşy boldy. Şeýle hem, ol Fransiýada gazanylan iň uly 10 baýragyň biridir.
Ýeňijiniň utuşa hukugyny mälim etmegi üçin 60 gün wagty bar. Şol wagtyň içinde utuşa talap bildirilmedik ýagdaýynda 10 million ýewrodan gowrak pul baýragy lotereýanyň aýlawyna gaýtarylar. 2019-njy ýyldaky kanuna görä, has az mukdardaky pullar döwlet girdejisine öwrülmeli.
Iň uly jekpot - 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Fransiýanyň Polineziýasynyň ýaşaýjysynyň nesibesinden çykan şowly petek eýesine 220 million ýewro getiripdi.


29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......