Fransiýada çaga dogluş derejesi soňky 80 ýylda iň pes derejä düşdi

  • 30.09.2023 17:46
  • 12k+

Fransiýada çaga dogluş derejesi ýurduň uruşdan soňky taryhy döwründe rekord pes derejä düşdi. Bu barada Milli statistika we ykdysady gözlegler institutyna (Insee) salgylanyp, TASS habar berýär.

“2022-nji ýylda Fransiýada 726 müň çaga dünýä indi, bu hem Ikinji jahan urşy tamamlanandan bäri iň pes görkeziji boldy” – diýlip, institutyň habarynda bellenilýär.

Sosiologlaryň maglumatlaryna görä, çaga dogluşynyň ýokary derejede azalmasy 25 – 34 ýaş aralygyndaky aýallaryň reproduktiw toparynda ýüze çykýar we bu ýagdaý Fransiýanyň ähli sebitlerinde diýen ýaly hasaba alynýar. Şol bir wagtyň özünde 40 ýaşdan uly aýallaryň arasynda çaga dogluş derejesi ýokarlanýar.
Statistika maglumatlaryna görä, soňky 10 ýylda Fransiýada eneleriň ortaça ýaşy 30-dan 31 ýaşa çenli ýokarlandy. Mundan başga-da, gözlegçiler çagalaryň 65%-iniň nikasyz doglandygyny, 2012-nji ýylda bu görkezijiniň 57% bolandygyny belleýärler.
Fransiýanyň ilaty 1-nji ýanwara çenli ýagdaýa görä 68 mln adama barabar.


29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

23.05.2026 16:15
8.3k+

AF447 gatnawynyň heläkçiliginde Airbus we Air France günäkär hasaplandy

Parižiň Şikaýat kazyýeti 2009-njy ýylda Atlantik ummanynyň üstünde AF447 gatnawynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Airbus awiaöndürijisini we Air France awiakompaniýasyny tötänden adam öldürmekde......

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......