Windows taryhyndaky iň uly täzelenme bolan Windows 11 23H2 çykardy

  • 28.09.2023 12:36
  • 4.5k+

«Microsoft» «Windows» operasion ulgamy döredileninden bäri iň uly täzelenme bolan «Windows 11-i» çykardy. Oňa köp sanly täzelikler girizildi, olaryň esasylarynyň biri hem «Copilot» funksiýasydyr.

«Copilot» – bu «Windows» operasion ulgamynda ulanmak üçin uýgunlaşdyrylan «Bing Chat» çat-botydyr. Ol kompýuteriň sazlamalaryny dolandyrmaga, programmalary işe girizmäge ýa-da «Google-a» girmezden soraglara jogap almaga mümkinçilik berýän nusgawy gapdal paneli görnüşinde açylýar. «Copilot» belli bir derejede «Cortana-nyň» ornuny tutýar.
Täzelenmede adaty «Paint», «Gaýçy» we «Suratlar» goşundylaryna hem emeli intellekt goşuldy. «Paint-de» «Photoshop-yň» käbir aýratynlyklary  peýda boldy.
Şeýle hem «Windows 11 23H2-de» RAR we 7-zip faýl arhiwine goldaw girizildi, şonuň üçin WinRAR bolmazdan hem işlemek mümkindir. Bu, elbetde, täzelikleriň doly sanawy däl. 


17.03.2026 20:39
711

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...