Tesla-nyň Android roboty predmetleri tertiplemegi öwrendi

  • 27.09.2023 18:17
  • 13k+

Tesla kompaniýasy Optimus atly android robotynyň üstünliklerini görkezýän täze wideony çap etdi. Wideoda görnüşine görä, robotyň fiziki mümkinçilikleri ep-esli ýokarlanypdyr. Mundan başga-da, Optimus has akylly bolupdyr - meselem, zatlary özbaşdak tertipläp bilýär.

Androidiň hereketleri has ýumşapdyr: Optimus indi islendik pursatda el-aýaklarynyň nirededigini anyk bilýär. Androidiň hereketleri ep-esli gowulaşypdyr - wideoda bir aýagynda durup, ýoga pozisiýalaryna meňzeş duruşy görkezýär.
Tesla ozal Optimus-yň, hatda, iň näzik zatlary hem almagy öwrenendigini habar beripdi. Indi, nerw ulgamlaryny ulanmak arkaly geçirilen okuwyň netijesinde, predmetleriň diňebir nirededigine düşünmek bilen çäklenmän, eýsem  häsiýetli aýratynlygyna görä bir predmeti beýlekisinden tapawutlandyryp bilýär. Wideoda, meselem, android kubikleri ýuwaş-ýuwaşdan gutulara salýar, olary reňk boýunça tertipleýär we operator oňa päsgel berjek bolanda-da bulaşmaýar. Tesla munuň doly özbaşdak ýerine ýetirilýändigini nygtaýar. Edil şeýle usul bilen Optimus-a şuňa meňzeş beýleki meseleleri hem ýerine ýetirmegi öwredip bolar.


03.02.2026 12:23
2.2k+

Ilon Mask öz-özüni okatmaga ukyply «Optimus» robotlarynyň täze neslini tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask adam şekilli Optimus robotynyň üçünji nesliniň ýakyn wagtda tanyşdyryljakdygyny habar berdi. Bu barada Tesla kompaniýasynyň «Weibo» durmuş ulgamyndaky resmi sahypasynda mälim edildi...

21.01.2026 18:58
3.4k+

Tesla zawodlarda eýýäm 1000 töweregi Optimus gumanoid robotlaryny ulanýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky we Frimontdaky zawodlarynda eýýäm bir müň töweregi adam şekilli Optimus robotlaryny ulanýar. Olar ýükleri daşamaga, akkumulýator öýjüklerini tertiplemäge we batareýalary ýygnamaga kömek edýär...

02.01.2026 12:30
5.3k+

Tesla ýöreýşi "adamyňka" has meňzeýän täze Optimus robotyny tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasy adamsypat (gumanoid) roboty bolan Optimus-yň täzelenen görnüşini görkezýän gysga wideony çykardy. Robot indi laboratoriýa şertlerinde has ynamly hereket edýär we adamyňka meňzeş deňagramlylygyň hem-de sazlaşykly hereketleriň kämilleşendigini görkezýär...

25.05.2025 19:01
2.7k+

Tesla Optimus-a hojalyk işlerini ýerine ýetirmegi öwretdi. Robot tozan sorujy bilen işleýär, nahar taýýarlaýar...

Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask Optimus robotynyň öý işlerini ýerine ýetirişini görkezýän wideo ýerleşdirdi. Wideoda ol tozan sorujy bilen işleýär, gazojagyň üstüne oturdylan pitidäki nahary bulamaklyga öýkünip görkezýär we hapany zyňýar...