Alymlar 250 mln ýyldan Ýeriň ýaşaýyş üçin ýaramsyz boljakdygyny aýtdylar

  • 27.09.2023 17:11
  • 26k+

Ýewropadan we ABŞ-dan halkara alymlar topary, takmynan, 250 mln ýyldan Ýeriň süýdemdirijileriň ýaşamagy üçin ýaramsyz boljakdygyny aýtdy. Munuň sebäbi ähli yklymlaryň birleşip, ýaşaýyş üçin ýaramsyz klimaty bolan bir bitewi super materige öwrülmegi bolar. Gözlegçileriň çaklamalary “Nature” žurnalynda ýerleşdirildi diýip, rbclife.ru belleýär.

Bristol uniwersitetiniň işgäri Aleksandr Farnswortyň ýolbaşçylygyndaky geologlar tektoniki işjeňligiň we planetanyň klimatynyň kompýuter modellerini düzdüler. Bu işiň awtorlaryna geljek birnäçe million ýylda planetamyzyň nähili üýtgejekdigini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Geologlar Ýeriň daşky görnüşiniň düýpgöter üýtgejekdigi – ýedi yklymyň hemmesiniň gözlegçiler tarapyndan Pangeýa Ultima diýlip atlandyrylan täze super materige birleşjekdigi baradaky netijä geldiler.
Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, täze bitewi yklymda 40-50 gradus temperaturaly has çygly we yssy klimat bolar. Çyglylyk derejesiniň ýokary bolmagy ýagdaýy hasam ýaramazlaşdyrar. “Adamlar we süýdemdirijileriň beýleki görnüşleri şeýle gurşawda ýok bolarlar, sebäbi biz öz bedenimizi kadaly sowadyp bilmeris” – diýip, işiň baş awtory Aleksandr Farnswort belledi.
Gözlegçiler täze yklymyň umumy meýdanynyň bary-ýogy 8-16%-iniň adamyň ýaşaýşy üçin ýaramly boljakdygyny belleýärler. Bu ýerler planetanyň polýar sebitlerinde ýerleşer – bu ýerlerde klimat tropiki zolaklardaky häzirki klimat ýaly bolar. Super yklymyň galan ýerleri çöller bolup, olar gury ýeriň 43-49%-ini eýelärler.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 09:51
2.9k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......