Beýik Britaniýanyň alymlary Leonardo da Winçiniň «agaçlar kanunyny» ret etdiler

  • 27.09.2023 08:25
  • 7.8k+

Leonardo da Winçi tarapyndan işlenip düzülen «agaçlar kanunynda» islendik beýiklikdäki agajyň ähli şahalarynyň galyňlygynyň jeminiň onuň sütüniniň galyňlygyna deňdigini bellenilýär. Bu düzgün ylymda agaçlaryň 3D nusgasyny döretmek we olaryň ýaşaýşyny öwrenmek üçin giňden ulanylýar. Emma Beýik Britaniýanyň Bangor uniwersitetiniň we Şwesiýanyň Oba hojalyk ylymlary uniwersitetiniň (SLU) alymlary bu kanunyň agaçlaryň içki gurluşyny düzgünleşdirýän kanunlara ters gelýändigini anykladylar. Bu barada uniwersitetiň web sahypasynda habar berildi.

Da Winçiniň «agaçlar kanuny» agajyň içinde suw daşaýan damar kanallary üçin-de ulanylyp bilner diýlip hasaplanýardy. Aýry-aýry kanallaryň ululyklary şahalar näçe inçe bolsa, şonça hem kiçelýär. Bu kanun metabolik masştablaşdyrma teoriýasynyň bir bölegi hökmünde kabul edildi.
Alymlar agaçlaryň içki damar gurluşlaryna ulanylanda bu modeliň dogry däldigini görkezdiler we gözlegleriniň netijelerini «PNAS» žurnalynda çap etdiler.
Suwuň we ýokumly maddalaryň agajyň kökünden ýapraklaryň ujuna çenli netijeli geçmegi üçin damar ulgamy «gidrawlik garşylygy» üpjün etmeli bolýar. Bangor we SLU uniwersitetlerinden Ruben Walbuen we Stýuart Sopp gidrawlik garşylygyň netijeli bolmagy üçin «agaçlar kanunynyň» ters gelýändigini hasapladylar. Walbueniň bellemegine görä, «agaçlar kanuny» Leonardo Da Winçiniň meýilleşdirişi ýaly, sungat işgärleri üçin ajaýyp «maslahat» bolup biler, ýöne mikro derejekäki tankytlara garşy durup bilmeýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....