Britaniýa täze benzin we dizel awtoulaglarynyň satuwyna gadaganlygyny 2035-nji ýyla çenli yza süýşürdi

  • 27.09.2023 08:23
  • 13k+

Beýik Britaniýa benzin we dizel hereketlendirijileri bilen işleýän täze awtoulaglaryň satylmagyny gadagan edýän düzgüniň girizilmegini 2035-nji ýyla çenli yza süýşürer diýip, premýer-ministr Rişi Sunak belledi.

Sunak Dawning stritde eden çykyşynda: «2035-nji ýyla çenli benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglary satyn alyp bilersiňiz. Şondan soň hem olary ulanylan harytlaryň bazarynda satyn almak we satmak mümkinç bolar» diýip belledi. Onuň çykyşy Britaniýanyň hökümetiniň web sahypasynda ýerleşdirildi.
Premýer-ministriň bellemegine görä, häkimiýet zyýanly zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly «kabul edip bolmajak çykdajylary» britan halkynyň üstüne ýükläp bilmez. Şunuň bilen birlikde, Sunak 2030-njy ýyla çenli satylýan awtoulaglaryň köpüsiniň elektrikli bolmagyna garaşýar.


02.06.2025 13:34
5k+

Porsche gyssagly ýagdaýda we düşündiriş bermezden Beýik Britaniýada Taycan modelini satuwdan aýyrdy

Porsche Beýik Britaniýada 2019-2023-nji ýyllarda çykan Taycan-yň ähli ulanylan modelleriniň satuwyny togtatdy. Dilerler öndürijiniň ulagyň haýal etmän satuwdan aýrylmagy barada gyssagly buýruk berendigini aýtdy...

28.05.2025 14:04
15k+

Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer

Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer. Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar...

21.05.2025 15:57
2.7k+

Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy

Volkswagen iki sany täze ýörite modeli - Black Edition Plus-y we Style Design-y goşmak bilen, Beýik Britaniýada T-Roc krossoweriniň hataryny giňeltdi. Iki görnüş hem bahany ýokarlandyrmazdan goşmaça opsiýalara eýe boldy...

08.04.2025 15:50
3.2k+

Beýik Britaniýa täze gibrid awtoulaglara goýlan gadaganlygy 2035-nji ýyla süýşürdi

Beýik Britaniýa resmi taýdan gibrid awtoulaglaryň satuwy boýunça rugsady 2035-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu karar «Toyota Prius» ýaly adaty gibridleri hem-de «Ford Kuga PHEV» ýaly tokdan zarýad alýan gibridleri hem...