2025-nji ýylda Beýik Britaniýanyň awtoulag önümçiligi soňky 70 ýylyň içinde iň pes derejä düşdi. Bu çökgünlige iri öndürijä amala aşyrylan kiberhüjüm, zawodlaryň ýapylmagy we ABŞ-nyň täze gümrük paçlary sebäp boldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.
Awtoulag öndürijileri we söwdagärleri jemgyýetiniň (SMMT) maglumatlaryna görä, ýeňil awtoulaglaryň önümçiligi 8% peselip, 717 371 birlige düşdi. Bu 1956-njy ýyldan bäri iň pes görkezijidir — şol döwürde meşhur Morris Minor we Ford Popular ýaly modeller öndürilýärdi. Täjirçilik awtoulaglaryny (furgonlar we ýük ulaglary) goşmak bilen, umumy önümçilik 16% pese gaçdy, bu bolsa 1952-nji ýyldan bäri iň pes netijedir. Pese gaçyşyň esasy sebäpleriniň biri — Stellantis korporasiýasynyň Lutondaky Vauxhall furgonlaryny öndürýän zawodyny ýapmagydyr.
Britaniýanyň awtoulag pudagy häzirki wagtda birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Olaryň hatarynda Ýewropa Bileleşigi bilen söwda gatnaşyklaryndaky bökdençlikler bar. Şeýle hem ýurduň iň uly öndürijisi Jaguar Land Rover (JLR) kiberhüjüme sezewar bolup, zawodlarynyň işini 6 hepdä golaý duruzmaly boldy.
Global bazarda elektrik awtoulaglaryna (EV) bolan islegiň haýallamagy we ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligi hem täsirini ýetirdi.
Muňa garamazdan, alymlar we bilermenler 2026-njy ýylda önümçiligiň 10%-den gowrak artmagyna garaşýarlar. Bu ösüş täze elektrik modelleriniň önümçilige goýberilmegi bilen baglanyşyklydyr. Britaniýanyň hökümeti 2035-nji ýyla çenli ähli täze awtoulaglary doly elektrikleşdirmek baradaky maksatnamasyny üýtgewsiz galdyrýar.
Premýer-ministr Kir Starmer Hytaýa sapary mahalynda Hytaýyň Chery kompaniýasy bilen JLR-iň Britaniýadaky zawodlarynda önümçiligi ýerlileşdirmek (lokalizasiýa) baradaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşar.