Türkmen talyplary Täjigistanda geçiriljek Halkara gurjak teatrlarynyň festiwalyna gatnaşarlar

  • 26.09.2023 22:31
  • 5.2k+

24-29-njy oktýabr aralygynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde “Çodari haýol” ady bilen VII Halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly geçiriler. Bu barada şäheriň “Luhtak” döwlet gurjak teatry habar berdi diýip, “Howar” agentligi belleýär.

Bu festiwala GDA-nyň professional gurjak teatrlary hem-de daşary ýurtlardan gurjakçylar gatnaşar. Bu ýyl tomaşaçylar we paýtagtyň myhmanlary Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan has üýtgeşik we täsin oýunlara tomaşa edip bilerler.
Festiwalda ilkinji gezek Türkmenistanyň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurjak bölüminiň talyplary hem çykyş eder.

“Festiwalyň esasy maksady teatr-gurjak sungaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek, gadymy täjik halkynyň gadymdan gelýän gurjak teatryny gaýtadan dikeltmek we ösdürmek, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň estetiki terbiýesini gowulandyrmak we dünýägaraýşyny giňeltmekdir” – diýip, teatrda bellenilýär.

Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň we TR-nyň hökümetiniň goldaw bermeginde 2007-nji ýyldan bäri Döwlet gurjak teatry eýýäm alty sany halkara festiwalyny geçirdi.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......