Hytaýda iň täze Land Cruiser Prado 250 bilen tanyşdyryldy

  • 25.09.2023 13:49
  • 27k+

ABŞ-dan we Ýewropadan soň, iň täze Land Cruiser Prado 250-niň (ýagny Land Cruiser Prado 2024) ilkinji görkezilişi Hytaýda boldy. Onuň önümçiliginiň 2024-nji ýylda Çendu şäherindäki FAW-Toyota bilelikdäki kärhanasynda ýola goýuljakdygy eýýäm mälimdir. Şeýle-de, onuň iki görnüşi hem: tegelek faralysy we (ABŞ-da bu esasy wersiýa) we gönüburçly faralysy öndüriler.

Hytaýlylaryň “süýnmek” awtoulaglara bolan söýgüsine garamazdan (giň tigirli bazasy bilen), Hytaý Land Cruiser Prado 250-niň ölçegleri Ýewropanyň we ABŞ-nyň wersiýalarynyň ölçeglerine laýyk geler: tigir bazasynyň uzynlygy 2850 mm bolanda, 4920 x 1980 x 1860 mm. Enjamlary we ýoldan daşardaky mümkinçilikleri nukdaýnazaryndan seredeňde, ABŞ we Ýewropa üçin döredilen wersiýalardan hiç hili  tapawutlanmaz.
Hytaýyň Land Cruiser Prado 250 elektrik stansiýasy amerikan wersiýasy bilen, ýagny gibrid bilen deň bolar. 2,4 litrlik turbo hereketlendirijisinden, elektrik hereketlendirijisinden we 8 tizlikli awtomatiki geçirijiden ybarat. Jemi kuwwaty - 330 at güýji. Ýewropada Land Cruiser Prado 250-niň 2,8 litrlik dizel hereketlendirijisi bilen hödürlenjekdigini ýatladýarys.a


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......