Arkadag şäherini ösdürmegiň konsepsiýasy taýýarlanylar

  • 24.09.2023 16:51
  • 21k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglyk edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanmaga berildi. Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, öz gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda bina edilen Arkadag şäheri iri ylym-bilim, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüler.
Prezidentiň belleýşi ýaly, halkara sylaglarynyň 21-sine mynasyp bolan bu ajaýyp şäheriň gurluşygynda «akylly şäher» konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl tehnologiýalar» giňden ulanyldy hem-de şäheriň derejesi we ähmiýeti ýurdumyzyň kanunçylygynda hukuk taýdan berkidildi.

«Şunuň bilen baglylykda, dünýäde mynasyp orny eýelemegi üçin, Arkadag şäherini 2024–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýarys» – diýip, döwlet Baştutany aýtdy.


düýn 11:28
601

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......