Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryny gutladylar

  • 23.09.2023 11:17
  • 18k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

«Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemek guwandyryjydyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini we ony hil taýdan ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny beýan etdi. Şeýle-de bu gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine berk ynam bildirildi.
«Biz ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow olary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy, şeýle hem bu gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......