Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbi tutuldy

  • 23.09.2023 10:44
  • 9.4k+

22-nji sentýabrda Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäheriň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, çagalar seýilgähiniň gurluşygy ynanylan kärhananyň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem myhmanlaryň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen watandaşlarymyzyň hem bardygyny bellemek gerek.
Desganyň düýbüni tutmak dabarasy şäheriň döwlet sirkiniň we teatrlaryň artistleri tarapyndan taýýarlanylan köpöwüşginli edebi, aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.
Çagalar seýilgähiniň gurluşyk işlerini «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirip, ol 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......