Garaşsyzlyk baýramçylygynyň çäreleriniň maksatnamasy tanyşdyryldy

  • 23.09.2023 08:45
  • 16k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şanly senäniň hormatyna döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet ulgamynyň işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.
Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyna laýyklykda,

  • Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak;
  • ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary geçiriler;
  • Aşgabatda Döwlet münberiniň öňündäki baýramçylyk meýdançasynda dabaraly ýöriş bolar;
  • «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti we feýerwerki meýilleşdirilýär;
  • Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler, bagşy-sazandalaryň çykyşlary, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň ählisinde Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny we döwlet berkararlygyny wasp edýän eserler yzygiderli çap edilýär, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenilýär. Şeýle hem dokumental filmler, wideoşekiller, dürli mazmunly gepleşikler taýýarlanyp, ýaýlyma berilýär, olary daşary ýurt teleýaýlymlarynda görkezmek boýunça giň gerimli işler dowam etdirilýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......