Awstriýa syýahatçylaryň iň köp ýygnanan ýurdy boldy

  • 22.09.2023 14:32
  • 6.2k+

Awstriýa Ýewropada iň köp syýahatçyly ýurt boldy. Bu barada MoneyTransfers maliýe hyzmatynyň gözlegine salgylanyp, “Daily Star” neşiri habar berýär. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.

Hünärmenler her birinde hemişelik ilaty bolan has gelim-gidimli şäherleri we ýurtlary deňeşdirip, syýahatçylar bilen doly ugurlaryň reýtingini düzdüler.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Awstriýada her bir ýerli ýaşaýja 3,6 syýahatçy düşýär. Ýurduň umumy ilaty 8,9 million adam bolup, ol ýere her ýyl 32 million töweregi syýahatçy barýar.
Ikinji orny Gonkong, üçünji orny Gresiýa eýeleýär. Bu ýurtlarda her bir ýerli ýaşaýja, takmynan, üç syýahatçydan düşýär.
Has isleg bildirilýän şäherleriň reýtinginde Tailandyň Phuket we Krabi, Pattaýýa ýaly ilatly ýerleri öňdebaryjydyr. Muňa garamazdan, Tailandyň özi reýtingde pes orunda ýerleşýär.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......