Volvo 2024-nji ýylda dizel awtoulaglaryny öndürmegini bes eder

  • 21.09.2023 22:34
  • 11k+

Volvo Cars kompaniýasy ähli dizel hereketlendirijili awtoulaglaryň önümçiligini bes etmekçidigini resmi taýdan yglan etdi. Nýu-Ýorkda geçirilen Howa hepdeliginiň çäginde öndüriji iň soňky ulagyň 2024-nji ýylyň başynda gurnama liniýasyna çykjakdygyny mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde, 2030-njy ýyla çenli ol doly elektrikli awtoulaglara geçmekçi bolýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Volvo Geely bilen bilelikdäki kärhanadaky paýyny içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerine ýöriteleşen Aurobay-a satdy. Indi bolsa ol içerki ýangyç hereketlendirijilerine maýa goýmakdan ýüz öwürdi.
2040-njy ýyla çenli Volvo klimatiki bitarap kompaniýa bolmak isleýär. Bu bolsa  awtoulag öndürilende zyýanly zyňyndylaryň doly öwezini doljakdygyny aňladýar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......