Toyota gurnama çykdajylaryny ep-esli azaldýan konweýersiz zawody görkezdi

  • 21.09.2023 15:30
  • 10k+

Awtoulag öndürýän Toyota Motor korporasiýasynyň wekilleri žurnalistlere awtoulag öndürmek üçin adaty konweýer bolmadyk Motomati (Aýti prefekturasy) zawodynda tejribe sehini görkezdiler. Bu barada Ýaponiýanyň milli jemgyýetçilik telewideniýesi habar berdi.

Onuň berýän maglumatlaryna görä, gurnama döwründe awtoulaglar belli bir ugur boýunça awtopilotda hereket edýärler. Bu amal 2026-njy ýylda giň göwrümde ornaşdyrylar, bu önümçilik amallarynyň sanyny we enjamlara zerur maýa goýumlarynyň mukdaryny ýarym esse azaldar.
Habar berlişine görä, konweýersiz önümçilik, ilkinji nobatda, Toyota Motor-yň hatarynda has meşhur orny eýelejek elektrik ulaglarynyň täze neslini ýygnamakda ulanmak üçin niýetlenendir. Önümçilik prosesinde geljekki awtoulagyň platformasyna ilki motor we batareýa oturdylýar. Soňra awtoulag zerur awtomatiki stanoklara we gurluşlara tarap özbaşdak hereket edýär, şonuň dowamynda oňa täze bölekler oturdylýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......