Türkmenistandaky birnäçe ýadygärlik ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

  • 19.09.2023 13:53
  • 18k+

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň «Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi» atly özünde 31 sany taryhy ýadygärligi jemleýän hödürnama toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy baradaky komitetiniň Er-Riýad şäherinde geçirilen giňeldilen 45-nji mejlisinde kabul edildi. Oňa Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň banyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.
ÝUNESKO-nyň web-saýtynda mälim edilişi ýaly, Merkezi Aziýadaky Zerewşan – Garagum geçelgesi Ýüpek ýolunyň esasy bölegi bolup, ol ähli ugurlary baglanyşdyrýan merkezdir.
Bu bölek arkaly II asyrdan XVI asyra çenli Günbatar bilen Gündogaryň arasynda uly möçberde haryt daşalypdyr. Bu ýol etniki toparlaryň, medeniýetleriň, ylmyň we tehnologiýanyň birleşýän merkezi bolupdyr.
Zerewşan – Garagum geçelgesiniň ugrunda orta asyr şäherleri, binagärlik we sungat ýadygärlikleri tapyldy. Bular öz gezeginde Merkezi Aziýada dürli medeniýetleriň garyşyp, baýlaşdyrylyp dünýä ýaýrandygyna şaýatlyk edýär.


düýn 22:59
331

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.5k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
12k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......