Nobel baýragynyň mukdary 1 million şwed krony möçberinde ýokarlandyryldy

  • 19.09.2023 11:33
  • 7.5k+

Nobel baýragynyň mukdary bir million şwed krony ýokarlandy. Bu ýyl tölegler 11 million kron bolar – bu, takmynan, 984 müň dollara deňdir. Her bir laureat bu mukdardaky pul paýragyny alar diýip, Nobel gaznasynyň web sahypasynda ýerleşdirilen habarda bellenilýär.

2022-nji ýylyň ahyrynda Nobel gaznasynyň maýa goýlan maýasynyň bazar bahasy, takmynan, 5,8 milliard kron (519 million dollar) boldy.
2023-nji ýylyň laureatlary 2-nji oktýabrda yglan edilip başlanar. Nobel hepdeligi adat boýunça Stokgolmda we Osloda geçiriler hem-de aýyň 9-na tamamlanar.


28.01.2026 09:50
2.2k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy...

04.02.2025 19:55
4.6k+

2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň eýeleriniň yglan ediljek senesi aýdyldy

2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň laureatlarynyň atlary 6 – 13-nji oktýabrda Stokgolmda we Osloda yglan ediler. Bu barada Nobel gaznasynyň metbugat relizinde habar berilýär. Karolinska institutynyň ýanyndaky Nobel...