Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

  • 18.09.2023 09:22
  • 27k+

17-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini, şäheriň ekologiýa ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanylýan usullaryň ulanylyşyny synlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ilki bilen täze şäheriň çäginde gurulýan metjidiň bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän bezeg serişdeleriniň görnüşlerini synlady.
Bu ýerde gurluşygyň bezeg işlerinde ulanyljak dürli görnüşli örtük daşlarynyň aýratynlyklary, olarda yşyk we Gün şöhlesi düşende emele gelýän öwüşginler hem-de muzeýde goýuljak gymmatlyklaryň görnüşleri barada maglumat berildi.
Şeýle hem ol binalaryň otaglarynda goýulýan bezeg gülleri, olaryň görnüşleri, güllere ideg etmegiň täzeçil usullary barada aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen bezeg serişdelerini synlap, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagynyň hemişe bolşy ýaly möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäherniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygy, şunda okuwlaryny önümçilik bilen utgaşykly alyp barýan talyp ýaşlaryň eden işleri, olaryň daşary ýurtlarda saparda bolup, zerur tejribeleri toplandygy barada hasabat berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, bu ýerde häzirki zamanyň ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmelidigini aýtdy we ekilen bag nahallaryna ideg etmegiň häzirki zaman tejribeleriniň we täzeçil usullarynyň ulanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän täze şäherde amatly howa gurşawynyň saklanmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......