ÝUNESKO Wenesiýany howp astyndaky şäher diýip ykrar etmekden ýene ýüz öwürdi

  • 17.09.2023 12:46
  • 12k+

ÝUNESKO-nyň komiteti nobatdaky gezek Wenesiýany Bütindünýä mirasynyň ýitmek howpy abanýan obýekti diýip ykrar etmezlik kararyna geldi. Bu barada Fransiýanyň HBS-i habar berýär diýip, interfax.ru belleýär.

Komitet şeýle karary Er-Riýadda geçirilen sessiýada halkara guramasynyň hünärmenleriniň ozal beren tekliplerine garamazdan kabul etdi.
Iýul aýynyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň hünärmenleri köpçülikleýin syýahatçylygyň we global ýylamanyň netijeleri sebäpli Wenesiýa şeýle statusy bermegi teklip etdiler. Bu ilkinji teklip däldi. Ýagny, 2021-nji ýylda-da hünärmenler şäheriň statusyny üýtgetmäge çagyrdylar, ýöne ähli ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilen komitetiň mejlisinde-de bu başlangyç goldaw tapmady.
Käbir günbatar hünärmenleri we alymlar goşmaça çäreler görülmese, 2100-nji ýyla çenli Wenesiýa doly suwuň astyna gidip biler diýip hasaplaýarlar.


10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......