Türkmenistanda Liwiýada bolup geçen suw joşgunynyň pidalary ýatlanyldy

  • 17.09.2023 03:08
  • 23k+

Aşgabatda Liwiýa döwletinde bolup geçen weýrançylykly suw joşgunynyň pidalary ýatlanyldy. Liwiýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistandaky býurosynyň guramagynda geçirilen matam çäresine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip, libyaakhbar.com neşiri mälim edýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary matam kitabynda Liwiýanyň halkyna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenleriň bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýazdy.
"Deniel" diýlip atlandyrylýan ýagyşly tupandan soň, 10-njy sentýabrda Liwiýanyň demirgazyk-gündogarynda, Ortaýer deňziniň kenaryna golaý sebitde 2 sany suw bendi ýaryldy. Netijede Liwiýanyň birnäçe şäherleri we ilatly ýerleri suw joşgunynyň täsirinde galdy. Gyzyl Haç guramasynyň iň soňky maglumatlaryna görä, 11 müňden gowrak adam aradan çykyp, 20 müň töweregi hem dereksiz ýitdi.


şu gün 07:41
6.5k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
5.2k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....