Kamçatka ýertitremesinden soň ýerinden 2 metr töweregi süýşdi

  • 07.08.2025 13:31
  • 10k+

Ýakynda bolan ýertitremesi netijesinde Kamçatka ýarym adasynyň günorta bölegi günorta-gündogara iki metre golaý süýşüpdir. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Geofiziki gullugynyň Kamçatka bölüminiň işgärleri habar berdi. 

"Geodinamiki gözegçilikleriň netijelerine esaslanyp deslapky hasaplamalary etdik. Hemmämiziň günorta-gündogara tarap ýagşyja süýşendigimiz mälim boldy. 30-njy iýulda bolan ýertitremesinden soň ýarym adanyň günorta böleginde iň köp koseýsmiki süýşmeklik boldy. Şol ýerde süýşme iki metr töweregi" – diýip, Geofiziki hyzmatyň Telegram kanalynda aýdylýar.

Seýsmologlar ýarym adanyň günorta-gündogara süýşmesiniň 2011-nji ýylda Ýaponiýanyň Tohoku şäherinde bolan ýertitremesinden soň keseligine üýtgeşmeler bilen deňeşdirip boljakdygyny kesgitlediler. Şol bir wagtyň özünde, Petropawlowsk-Kamçatskiý sebiti birneme azrak üýtgedi.
30-njy iýulda Petropawlowsk-Kamçatskiden 150 km uzaklykda 8,7 (beýleki çaklamalara görä 8,8) magnitudaly ýertitremesi boldy. Bu seýsmiki zolakda 1952-nji ýyldan bäri iň güýçli ýer yranmasy boldy. Sosial we söwda desgalaryna zeper ýetdi we sunaminiň tolkuny bilen kenarýaka sebitleriniň bir bölegini suw basdy. Klyuçewskaýa Sopka wulkany atylyp başlady. Ýer yranmasy, hatda 1463-nji ýyldan bäri rahat ýatan Kraşeninnikow wulkanyny hem oýardy, ol 6 km beýiklige külüni atdy.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....