Kamçatkada ýertitremeden soň XV asyrdan bäri ýatan wulkan oýandy

  • 04.08.2025 13:24
  • 10k+

XV asyrdan bäri ýatan Kraşeninnikow wulkany Kamçatkanyň taryhynda ilkinji gezek atyldy. Bu barada Kamçatkanyň wulkan atylmagyna garşy göreş toparynda (KVERT) habar berdiler.

Wulkan deňiz derejesinden alty kilometr belentlige kül pürkdi. Wulkanyň öz beýikligi 1856 metr. Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň habaryna görä, şleýf Ýuwaş ummanyna tarap ugrady. Ýolunyň ugrunda ilatly ýerler ýok, ilatly ýerlere külüň düşmegi hasaba alynmady. Wulkanyň ýerleşýän sebitinde hiç hili syýahatçylyk topary hasaba alynmady.
Wulkana mämişi awiasiýa howpy kody berildi. Kül zyňyndylary halkara we pesden uçýan uçarlara howp döredip biler. Kül çökündileri Kronoskiý goraghanasynyň çägini bölekleýin örtdi.
Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Uzak Gündogar bölüminiň Wulkanlary öwreniş  we seýsmologiýa institutynyň müdiri Alekseý Ozerow ýeliň ugry üýtgän ýagdaýynda, wulkan atylmasynyň Geýzer Jülgesine uçýan syýahatçylar üçin howply bolup biljekdigini duýdurdy. Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi wulkanyň ýerleşýän sebitine baryp görmekden we oňa çykmaga synanyşmakdan saklanmagy  maslahat berdi.
KVERT-iň berýän maglumatlaryna görä, Kraşeninnikow wulkanyndan lawa iň soňky gezek 1463-nji ýylda atylan eken.
30-njy iýulda irden Kamçatkada 8,8 ball ululykda ýertitremesiniň bolup geçendigini ýatladýarys. Ýertitremesiniň ojagy Petropawlowsk-Kamçatskiniň 200 km günorta-gündogarynda ýerleşýär. 3-4 metr beýiklikdäki sunami kenara gelip ýetdi, ýöne çynlakaý zyýan ýetmeler hasaba alynmady. Pidalar barada habar gelip gowuşmady.
Ýertitremesinden kän wagt geçmänkä, Kluçewskaýa sopka wulkany atylmaga başlady. Häzir sebitde Şiweluç, Karymskiý, Bezymýannyý we Kambalnyý wulkanlary işjeňdir.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....