Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny lowlaýar

  • 07.08.2025 18:06
  • 14k+

Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny dowam edýär. Ot ýüzlerçe ýerli ýaşaýjylaryň göçürilmegine getirdi diýip, BFM TV habar berýär.

Ýangyn-halas ediş gullugynyň başlygy Kristof Maniniň aýtmagyna görä, alaw 16 müň gektary gurşap aldy we 90 kilometre ýaýrady. Ýangyn haýal ýaýrasa-da, ony heniz gözegçilik astyna almak başartmady.
Mani halasgärleriň işiniň ösümlikleriň gür we ýerlere barmagyň aňsat bolmazlygy bilen kynlaşýandygyny belleýär. Muňa garamazdan, ýangyn söndürijiler ýakyn wagtda ody saklamagy umyt edýär. Od departamentiniň häkimiýetleri ýagdaýyň agyrdygyny belledi.
Içeri işler ministri Bruno Retaýo Oddaky ýangynyň 1949-njy ýyldan bäri Fransiýada iň ulusy bolandygyny aýtdy, şol wagt 52 müň gektar töweregi tokaý massiwleri ýanypdy. Şol bir wagtyň özünde, Le Parisien neşiri Fransiýanyň Ekologiýa ministrligine salgylanyp, ýangyny 1976-njy ýyldan bäri iň ulusy diýip atlandyrýar. Şol wagt 80 müň gektar ýandy. Ýöne şeýle uly ýitgä bir däl-de, birnäçe ýangyn sebäp bolupdy.
Fransiýanyň premýer-ministri Fransua Baýru bolup geçýän hadysalary “görlüp-eşidilmedik derejedäki betbagtçylyk” diýip atlandyrdy. Häkimiýetler ony klimatyň üýtgemegi we sebitde gurakçylygyň dowam etmegi bilen baglanyşdyrýar. Habar berlişi ýaly, alaw 24 sagadyň dowamynda ýurtda ortaça bir ýylyň dowamynda ýanýan tokaý agaçlaryny ýok etdi. Bu soňky 76 ýylda Fransiýada iň uly tokaý ýangynydyr.
Ýangyn sişenbe güni başlady. Fransuz meteo-gullugynyň habar bermegine görä, onuň tüssesi hatda kosmosdan görünýär. Howpy yssy howa, güýçli ýel we howanyň çyglylygynyň pes bolmagy güýçlendirýär.
Ýerlerde 2,1 müňden gowrak ýangyn söndüriji, şeýle-de awiasiýa we harby bölümçeler işleýär. Bir adam heläk boldy, üçüsi dereksiz ýitdi. 13 adam zyýan çekdi, olardan 11-isi – ýangyn söndüriji. 40 töweregi awtomobil ýok edildi, 36 öýe zeper ýetdi.


düýn 20:17
5.1k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......