Toyota elektrikli awtoulaglar üçin zarýady 1200 kilometre ýetýän batareýalary çykarar

  • 16.09.2023 23:21
  • 10k+

Toyota öz elektrik awtoulaglary üçin batareýalary kämilleşdirmek boýunça  meýilnamalaryny mälim etdi. Häzirki wagtda bu strategiýa onýyllygyň ahyryna çenli göz öňünde tutulan we iň soňky tapgyrda Toyota zarýady  1200 kilometre ýetýän  batareýalary işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, ilkinji kämilleşdirilen batareýalar eýýäm 2026-njy ýylda öndürilen elektrik awtoulaglarynda peýda bolar.

Toyota -yň batareýa strategiýasy ösüşiň iki ugruny öz içine alýar - uzak aralyga ýetýän we az kuwwatly, emma bahasy amatly ýokary tehnologiýaly batareýalary ösdürmek. Programmany  durmuşa ornaşdyrmak birinji setiriň batareýalaryndan başlanar diýip garaşylýar.
Toyota 2026-njy ýylda 800 kilometre ýetýän litiý-ion batareýaly elektrikli awtoulaglary çykarmagy göz öňünde tutýar, bu häzirki wagtda bZ4X-de ulanylýan bloklardan 20% arzan bolar. Bir ýyldan soň 600 km ýol geçip bilýän litiý demir fosfat batareýasy peýda bolar, ýöne birneme haýal – 20 minutyň deregine 30 minutda zarýad alsa-da, 40% has arzan bolar.
2028-nji ýyla çenli kompaniýa bahasy ýene 10% arzanlajak 1000 kilometrlik batareýany bazara çykarar we şol ýylyň özünde hem gaty batareýalara geçer. Olar esli gymmat bolar, ýöne bary-ýogy 10 minutda zarýad berip bolar we deslapky maglumatlara görä, 1000-den başlap geljekde 1,5 müň kilometre ýetjek elektrik ätiýaçlygy üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde, Toyota soňky netijä ýetiljek wagtyny entek yglan etmedi.


düýn 18:36
2.9k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.8k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......