ABŞ-da elektromobilleriň köne batareýalarynda täze maglumat merkezi işledildi

  • 04.07.2025 18:35
  • 5.9k+

Newada ştatynda ulanylan elektromobilleriň batareýalaryndan öndürilen energiýa saklaýyş ulgamy bilen işleýän maglumat merkezi açyldy. Taslama Redwood Materials we Crusoe kompaniýalary tarapyndan dört aýyň içinde amala aşyryldy diýip, Bloomberg habar berýär.

12 megawattlyk maglumat merkezinde 2000 grafiki prosessory we 62 megawatt sagat sygymly energiýa saklaýjy ulgam ulanylýar. Gün panelleri bölekleýin awtonomlygy üpjün edip, batareýalara zarýad berýär. Redwood-yň täjirçilik müdiri Kel Lenktonyň sözlerine görä, bu Demirgazyk Amerikadaky iň uly mikroulgamdyr. Kompaniýa munuň bilen çäklenmek islemeýär we ol häzirki geriminden 20-100 esse uly ulgamlary işe girizmegi meýilleşdirýär.
Redwood Materials 2017-nji ýylda Tesla-nyň esaslandyryjysy Jeý Bi Straubel tarapyndan esaslandyrylypdy. Ol batareýalary gaýtadan işleýär we täze batareýalar üçin material ýasaýar. Lenkton awtoulaglar üçin ýaramly batareýalaryň stasionar energiýa saklamak üçin ýeterlik kuwwatyny saklaýandygyny belleýär.

"Bu batareýalar üçin garrylar öýi ýaly bir zat. Olaryň bahasy täze litiý-ion ulgamlaryndan iki esse arzan, ýöne işleýşi edil şolaryňky ýaly netijeli" diýip, Lenkton düşündirýär.

Maglumat merkezleri, esasanam AI-e hyzmat edýänler üçin energiýa bolan isleg artýar. Torlara birikmek uzak ylalaşmalary talap edýär. "Biziň taslamamyz dört aýyň içinde amala aşyryldy. Bu energiýa ýetmezçiligi meselesini nädip çözmelidigini görkezýär" – diýip, Crusoe kompaniýasynyň baş direktory Çeýz Lohmiller mälim etdi.
2024-nji ýylda Redwood batareýalary gaýtadan işlemekden 200 million dollar gazandy. Kompaniýa 2025-nji ýylda girdejisiniň düýpgöter ýokarlanmagyna garaşýar. Hünärmenler batareýany gaýtadan işlemegiň galyndylary azaltmaga we kuwwaty çalt artdyrmaga kömek edýändigini belleýärler.


düýn 12:41
2.8k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......