Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek teklibini öňe sürdi

  • 15.09.2023 15:15
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek teklibini öňe sürdi.

«Türkmenistan sebitiň ekologiýa meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edýär, ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde ekologiýa gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça anyk we yzygiderli işleri geçirip bilerdi» – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, mundan başga-da, biziň ýurtlarymyza Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesi möhüm bolup durýar. 

«Bu ugurda bilelikdäki diplomatik tagallalarymyzy işjeňleşdirmegi teklip edýäris» – diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.


şu gün 16:02
639

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......