Täjigistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirildi

  • 14.09.2023 01:16
  • 24k+

13-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherindäki Täjik milli uniwersitetinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumy geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumy Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilýär. Foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň bilim ministrleri, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşýar.
Türkmenistan döwletimizde hem bilim ministri Gurbangül Ataýewa hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdy.
Forumyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada ylmy we pedagogiki gatnaşyklary ösdürmäge, akademiki hereketi we iki derejeli bilim maksatnamalaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe şertnama we ylalaşyga gol çekildi.


13.06.2026 18:59
4.5k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.1k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6.6k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

12.06.2026 16:37
5.8k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......